köpürjikletmek işlik

Köpürjik emele getirtmek, köpretmek.

  • Gulluhanyň sowgadyny kabul eden es-erler agyzlaryny köpürjikledip geplediler. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -ýär goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem köpürjikletmek - köpürjikledýär, köpürjikleder, köpürjikledipdir.