Süýt we ş. m. zatlar bişirilende, ýüzünde emele gelýän köpürjik.
Asmanda ak süýdüň köpügi ýaly, Akja bulutlary güýzüň şemaly, Sürýär gündogara ýuwaş-ýuwaşdan. («Sowet edebiýaty» žurnaly)
Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem köpük - köpügi.
seret gürlemek
Gyzdurdy her sözüni janly mysallar bilen aýdyp, şeýle bir gürledi, derlerini saçyp gürledi, ýumuruklaryny düwüp, agzyndan ak köpük saçyp gürledi. (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)
Manadyň ýüzden bir böleginden ybarat ownuk pul birligi.
Bir köpük pul harçlamadyk halyna güplän bolup otyr. (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)
Eline düşen puluň bir köpügini hem sowman, kakasyna eltip berýär. (A. Gowşudow, Saýlanan eserler)
Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem köpük - köpügi.
Hili pes hiç zada geçmeýän, ýaramaz, bolgusyz.
Kör köpüksizlik -- düýpden pulsuzlyk.