Adamlaryň topary, köplük, märeke, jemende, üýşmeleň.
Han küýli köpçüligiň içine ýa bir öýe gezmäge baryp bilmeýärdi. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)
Aman poşçy utandy we köpçülik duýmanka gelşi ýaly, ýene yzyna gaýtdy. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)
Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem köpçülik - köpçüligi.
Halkyň bähbidi üçin edilýän iş bilen meşgul bolmak.
Akjemal köpçülik işine goşuldy. (N. Saryhanow, Saýlanan eserler)