köp sypat

Mukdary boýunça kän bolan, az däl, kän, bol.

  • Bizde okuwçylaryň sany köp. Köp okamak. Köp hasyl almak ugrunda göreşmek.

Ýazuw düzgüni

Menlik ýöňkemaniň -üm, -ümiz, senlik ýöňkemäniň -üň, -üňiz goşulmalary goşulýar.

Meselem köp - köpüm, köpüň.

köp bilen bolmak

Bilimdarlyk satmak, özüňi boş ýerden köp zatlary bilýän ýaly görkezmek.

köp gar basmak

Birnäçe ýyl ýaşamak, kän zady bilmek. Köpi gören -- köp zady başyndan geçiren.

  • Özüň ýaş hem bolsaň, köpi gören ýigit! -- diýdi. («Sowet edebiýaty» žurnaly)