köneçilik

[kö:neçilik]

Köneçil bolmaklyk, könä eýermeklik, köne däp-dessura uýmaklyk, könäniň tarapdary bolmaklyk.

  • Ol biziň ösüşimize päsgel berýän köneçiligiň garşysyna baryşyksyz göreş alyp barýar. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem köneçilik - köneçiligi.