kömekçi

  1. Kömek berýän, ýardam edýän adam, kömekdeş.

    • Patabyň gyzy hem bu işlerde her sapar Pataba uly kömekçi bolupdyr. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

    • Her oýunçynyň özüniň kömekçi gözegçisi bolýar. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)

  2. Gulluk wezipesi boýunça orunbasar, şägirt.

    • Annadurdy sary murtuny hüžžerdip, kömekçisine alarylyp seretdi. (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)

    • Ol öz kömekçisi bilen gürrüňe kemsiz gyzyşypdyr. (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)

kömekçi işlik

Grammatik termin seret işlik

  • Goşma işligiň bir bölegi bolan kömekçi işlik her hili çylşyrymly gymyldyny aňlatmak üçin ulanylýar.