kömür

  1. Gazylyp alynýan gaty halyndaky ýangyç, magdan.

    • Kömür köwlemek-de, ony ýüklemek, daşamak işleri-de maşyn güýji bilen ýerine ýetirilýär. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  2. Gandymyň ýa-da ojaryň közi söndürilip taýýarlanýan ýangyç.

    • Tanyş ýerim bolmany üçin, kömrümi ýüňümi alanyňka myhman bolup düşdüm. (N. Saryhanow, Saýlanan eserler)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli sese başlanýan goşulma goşulanda, ikinji bogundaky dar ü çekimlisi düşürilip ýazylýar. Menlik ýöňkemaniň -üm, -ümiz, senlik ýöňkemäniň -üň, -üňiz goşulmalary goşulýar.

Meselem kömür - kömrüm, kömrüň, kömri.