kölege at

Bir predmetiň ýagtylyk ýa-da gün düşýän tarapynyň garşylykly tarapyna salýan saýasy.

  • Yssylap geldiňiz, kölegä geçiň. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  • Kölegelerini uzyn-uzyn uzadan agaçlarda guşlar jürrüldeşýärdiler. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)

  • Şol eýwanyň öňi aýtym bolup belent agaçlaryň gür ýapraklary oňa kölege salýardy. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)