köl

[kö:l]

Kenarlary gury ýer bilen çäklenýän uly bolmadyk suwly ýer, uly howdan.

  • Birwagtlar ol jeňňeliň aşagy garalyp ýatan suwly köl eken. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  • Sonalar ýüzmäge köller açyldy, Jerenler gezmäge çöller açyldy. (G. Seýitliýew, Saýlanan Goşgular)

Ýazuw düzgüni

Menlik ýöňkemaniň -üm, -ümiz, senlik ýöňkemäniň -üň, -üňiz goşulmalary goşulýar.

Meselem köl - kölüm, kölüň.

süýt kölüne batyrmak

  1. Köp zady wada bermek.

    • Sen biziň diýenjigimizi et-de, işledejik ýör -- diýip, Gurbany süýt kölüne batyrdy. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

    • Pikir kölüne çümmek. (Batmak)

  2. Çuň pikire gitmek, oýa batmak, oýlanmak.

    • Güller, näme çümdüň pikir kölüne. («Sowet edebiýaty» žurnaly)