köklük1

Köklemek ýa-da kök üçin gerekli, ýararly zat.

  • Köklük üçin.

  • Taýýarlanan ham.

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem köklük - köklügi.

köklük2

Wagtyhoşluk, keýplilik, meslik.

  • Myraly ol çopanyň keýpiniň köklügine haýran galyp, ondan habar sorapdyr. (Myraly)

  • Keýpiniň köklüginden ýaňa ol aýdym hem aýtdy. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem köklük - köklügi.