Botanika Ösümligiň ýer astyndaky ýokumly iýmitler alýan bölegi, damary.
Gumdaky ösümlikleriň pürlerinden, köklerinden gerbarilik ýygnadylar. («Mydam taýýar» gazeti)
Toprak suwy özüne endigan siňdirip gowaça köklerine ýetirýar. («Bahar»)
Dişiň, saçyň bedeniň içinde ýerleşen bölegi.
Azy dişleriň köki iki bolýar.
Tikmezden öň çekilen sapak, arasy açyk-açyk edilip tikilen tikin.
Ýüzüne ýogyn sapaklar bilen kök atylyp, küşdüň öýleri çekilipdir. (A. Gowşudow, Saýlanan eserler)
Petr çakgyjygyny çykaryp haltanyň agzyna kök atylan sapaklaryny kesmäge başlady. (A. Gowşudow, Saýlanan eserler)
Iki zady biri-birine berkitmek üçin çig hamdan edilen sapak.
Tärimiň kökleri gyrlypdyr.
Göçme manyda Bir zadyň dörän, başlanýan ýeri, düýbi.
Köne urp -- adatyň kökün kesip taşlaýar. (N. Pomma, Saýlanan eserler)
Matematika Derejä göterilende täze bir san berýän ululyk.
Menlik ýöňkemaniň -üm, -ümiz, senlik ýöňkemäniň -üň, -üňiz goşulmalary goşulýar.
Meselem kök - köküm, köküň.
Düýp tutmak, kök ýaýratmak, düýp almak.
Ymykly ýerleşip galmak mäkäm ýerleşmek, ornaşmak.
Men ýürekde döräp, ýürekde kök uran söýgä ynanýaryn. (N. Jumaýew, Ak derek)
Köki-damary bilen ýok etmek, bütinleý ýok etmek.
Wagty hoş, gurgun, keýpli, şadyýan, mes.
Onuň keýpi kök, ökçesi ýeňildi. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)
Gandymyň keýpi kökdi. («Pioner» žurnaly)
Hoş geldiň, sapa geldiň, dostum! Gurgunmysyň? Kökmüsiň? Bu ýerler nire, sen nire. («Sowet edebiýaty» žurnaly)
Menlik ýöňkemaniň -üm, -ümiz, senlik ýöňkemäniň -üň, -üňiz goşulmalary goşulýar.
Meselem kök - köküm, köküň.