köýnek at

Bedenini örter ýaly matadan tikilýän geýim.

  • Egninde ak köýnegi bardy. («Pioner» žurnaly)

  • Hojaw hem onuň ýüzüne seredip, onuň köýneginiň ýakasyny açyşdyrmaga başlady. (B. Gurbanow, Duşuşyk)

  • Aýal köýnegi.

  • Ýüpek köýnek.

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem köýnek - köýnegi.

otly köýnek geýmek

Örtenmek, jibrinmek, ýanyp-bişmek.


Duş gelýän formalary
  • köýnege
  • köýnegem
  • köýnegi
  • köýnegi-de
  • köýnegidi
  • köýnegidir
  • köýnegim
  • köýnegimde
  • köýnegime
  • köýnegimem
  • köýnegimi
  • köýnegimizi
  • köýnegimiň
  • köýnegin
  • köýneginde
  • köýneginden
  • köýnegine
  • köýneginem
  • köýnegini
  • köýneginiň
  • köýneginiňem
  • köýnegiň
  • köýnegiňdäki
  • köýnegiňe
  • köýnegiňem
  • köýnegiňi
  • köýnekde
  • köýnekdedi
  • köýnekden
  • köýnekdir
  • köýneklem
  • köýnekler
  • köýneklerde
  • köýneklerden
  • köýneklerdir
  • köýneklere
  • köýnekleri
  • köýnekleridir
  • köýneklerinde
  • köýneklerinden
  • köýneklerine
  • köýneklerinem
  • köýneklerini
  • köýnekleriniň
  • köýnekleriň
  • köýnekleriňi
  • köýnekleriňize
  • köýnekleriňizi
  • köýnekleriňiň
  • köýnekli
  • köýneklidi
  • köýnekligi
  • köýneklik
  • köýnekliler
  • köýneklileriň
  • köýneklim
  • köýneklisi
  • köýnekçe