Esasan çaý içilýän agzy ýaýbaň syrçaly gap.
Ol elindäki käsesini ýerde goýdy. («Sowet edebiýaty» žurnaly)
Ilkinji käsäni çäýnege gaýtardym-da, siz kim bolarsyňyz?! -- diýip soradym. («Tokmak» žurnaly)
Gawunyň ýa-da garpyzyň käselemek, kerç-kerç etmek üçin kesilen bir bölegi.
Gawun käseleri buldurap täsin ysy oturanlaň burnuna urýar. («Sowet edebiýaty» žurnaly)
Ertir bilen bir käse gawun iýdi.