kär1 at

  1. Adamyň hünär edinen işi, ele alnan, ökdelenen hünär, senet, kesp.

    • Bäş barmagy ýaly öwrendi Gully, Çopanlyk kärinde galmady kemi. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

    • Kär sazandalykdyr, han aga! (N. Saryhanow, Saýlanan eserler)

  2. , gulluk.

    • Men özümiň nä kär bilen meşgul bolup ýörenimi myhman ýerime aýtmadym. (N. Saryhanow, Saýlanan eserler)

kär etmek

Täsir etmek.

  • Ýok, ýoldaş leýtenant, maňa sowuk kär edip bilmez! (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

  • Pagsalaryň ini boýundan uly, Top oky kär etmez bu diwarlara. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

kär2

Isimlere goşulanda, kesp-kär bilen baglanyşykly düşünjäni, belli bir zat bilen meşgullanmagy aňladýan söz ýasaýjy goşulma.

  • Ol jogapkär işe bellendi.

  • Günäkärlere sud edildi.