käkilik

Zoologiýa Towuklar maşgalasyndan bolan meýdan guşy, gylguýruga meňzeş owadan aw guşy.

  • Ertir käkilige gideris! («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  • Dor alaşa käkilik ýaly ýorgalap barýar. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem käkilik - käkiligi.


Duş gelýän formalary
  • käkilige
  • käkiligi
  • käkiliginiň
  • käkiligiň
  • käkilikden
  • käkilikdir
  • käkilikler
  • käkiliklerdir
  • käkiliklere
  • käkilikleri
  • käkiliklerini
  • käkilikleriniň
  • käkilikleriniňki
  • käkilikleriň
  • käkilikli