[jyda:lyk]
Aýra düşmeklik, aýralyk, aýraçylyk.
Pelek aýra salsa, jydalyk düşse, Ähtibarly şir ýoldaşy gerekdir. («Görogly» eposy)
Men ahyr köp günläp jydalyk çeken. (R. Seýidow, Bagtlylar)
Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem jydalyk - jydalygy.