jyda

[jyda:]

Aýra, aýralyk.

  • Siz bilýänsiňiz, biziň gana-gan gardaşlarymyz asyrlar boýunça biri-birinden jyda ýaşaýarlar. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

jyda düşmek (bolmak)

  1. Aýralyga uçramak, biri-biriňi görmekden mahrum bolmak.

    • Arman, jyda düşdüm ol polat guşdan, Aýryldym dostlardan, ol dört ýoldaşdan. (Çary Aşyr, Poýemalar)

  2. Mahrum bolmak, aýrylmak.

    • Onuň çep eli uzak bir gospitalda mundan on bir ýyl öň özünden jyda bolupdy. («Sowet edebiýaty» žurnaly)