jogap at

[joga:p]

  1. Sorag zerarly ýüze çykýan pikir.

    • Sowallar üçin hem öz ýanyndan jogap besläp gelipdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  2. Alnan hata ýa-da başga bir zada bolan gaýtargy.

    • Göwnüm gül açansoň ýazan hatyňa, Men hem saňa jogap ýazýan, eý Bibi! (N. Pomma, Saýlanan eserler)

  3. Matematikada: mesele çözülende çykýan ahyrky netije.

  4. Ygtyýar, razylyk, rugsat.

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem jogap - jogaby.