joşmak işlik

[jo:şmak]

  1. Örän güýçli akmak, suw köplük edip daşmak, kenardan agmak.

    • Tejeniň derýasy bu ýyl alabahardan joşup gelipdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  2. Göçme manyda Güýçli duýgy döremek, möwç almak, hyjuwlanmak.

    • Mährijemalyň ýüreginde Wepa bolan söýgi has beter joşýardy. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

    • Bu giň meýdanda her kim bir işde, janly hereket joşýardy. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

  3. Göçme manyda Höwesi artmak, gyzgalaňly bolmak.

  4. Göçme manyda Jomartlyk etmek, eçilmek.

    • Joşan mahalyna sataşsaň, saňa bir teňňe-iki teňňe berer. («Görogly» eposy)

Ýazuw düzgüni

Ýöňkeme bilen üýtgände ikinji bogunda u eşidilen ýerinde ýazylýar.

Meselem joşmak - joşdum, joşduň, joşupdyr.