joşgun at

[jo:şgun]

  1. Derýada suwuň köpelip daşmagy, möwç urmagy, daşgyn.

    • Joşgun Amyderýa galdy uzakda. (A. Kowusow, Goşgular We Poýemalar)

  2. Göçme manyda Güýçli duýgy, hyjuw, möwç.

    • Tokaý tarapyndan gelen güňleç ses göz ýumup-açasy salym kesildi-de, ýene öňküsinden hem batly we hyjuwly joşgun bilen dowam etdi. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

    • Zelili öz önüp-ösen ýeriniň tebigatyny hem birnäçe şygyrlarynda uly joşgun bilen suratlandyrypdyr. («Edebiýat»)