joşdurmak işlik

[jo:şdurmak]

  1. Joşmaga mümkinlik bermek, joşup akdyrmak, daşdyrmak (suw hakda).

  2. Göçme manyda Güýçli duýgy döretmek, ylhamy artdyrmak, möwç aldyrmak.

    • Müdimi mesgeni bagtyň, şatlygyň, Joşdurýar ýeňişe barýan halkymy. («Edebiýat we sungat» gazeti)

    • Nazaryň ýylgyryp duran suraty ony öňküden-de beter joşdurdy. (B. Pürliýew, Söýgi Mukamy)

  3. Göçme manyda Höwesini artdyrmak, gyzgalaňly etmek.

  4. Göçme manyda Jomartlyk etdirmek, eçildirmek.

  5. Göçme manyda Suwsuzlygy duýdurmak, suwsatdyrmak.


Duş gelýän formalary
  • joşduran
  • joşduranlygy
  • joşduranokdy
  • joşdurdy
  • joşdurmagy
  • joşdurmarsyň
  • joşdurmaz
  • joşdursa
  • joşduryp
  • joşdurypdy
  • joşdurýan
  • joşdurýar
  • joşdurýardy