jepa

[jepa:]

  1. Horluk, azap, jebir, sütem, ejir.

    • Ol köp jepalary başdan geçirdi.

  2. Azaby köp bolan agyr zähmet.

    • Bu ähli zynat halkyň agyr jepalary netijesinde döredilipdir. (Gadymy dünýä taryhy)

jepa çekmek

Horluk görmek, agyr durmuşy başdan geçirmek.

  • Neresse nähili jepa çekdi. (B. Pürliýew, Ilkinji gün)

  • Jepasyny çeken, wepasyny görer. (nakyl)