jennet

  1. Dini söz Dini düşünjä görä: şerigatyň kada-kanunlaryny berjaý edip ölen, namazhon adamlaryň ruhy ýaşaýan ýeri, behişt.

    • Kakasy jennetiň ak guşudyr. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  2. Göçme manyda Sapaly, eşretli, oňat ýer, jaý.

    • Azat bir durmuşda şol azat zähmet Ýer ýüzünde döredipdir jenneti. (B. Kerbabaýew, Aýlar)

    • Seniň daglaň, seniň baglaň seň çölleň, Diýsem, meniň üçin hakyky jennet. (N. Pomma, Saýlanan eserler)

    • Ýagşyny görmek hem jennet. (nakyl)