jemlemek işlik

  1. Jem etmek, bir ýere toplamak, üýşürmek, ýygnamak.

    • Deň-duşlaryndan karz alyp, dört ýüz tyllany jemledi. («Görogly» eposy)

    • Olaryň hemmesiniň pikirini bir ýere jemlän tapyldy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  2. Mat. Goşup jemini çykarmak, hasabyny çykarmak.

  3. Belli bir netijä gelmek, netije çykarmak.

    • Kelhan iň soňunda gürrüňi bir ýere jemledi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

    • Garry öz pikirini jemlemek üçin üsgüresi gelmese-de üsgüren boldy. (B. Pürliýew, Ilkinji gün)

  4. Bes etmek, gutarmak, tamamlamak.