[jema:gat]
Adamlar, jemende, mähelle, märeke.
Şol wagt şäher tarapdan bir atlynyň atyny gamça basyp, ak köpük edip gelýänligini görüp duran jemagat: -- Bolşewigiň öňi gelýär -- diýip sandyraşmaga başlady. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)
«Adamlar» diýen manyda köpçülige ýüz tutulyp aýdylýan söz.
Jemagatlar, miraplygy şu agzalan adamlaryň haýsyna berseň hem, gezegini geçirer. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)