jellat

[jella:t]

  1. Könelişen söz Ölüm jezasy baradaky hökümi ýerine ýetirýän adam.

  2. Ganhor, zalym, jebir ediji.

    • Gan içen jellatlar pyçagyn ýalap, Kän kelle kesdiler köne döwürde. (Ata Salyh, Saýlanan eserler)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem jellat - jellady.