jebis

  1. Berk, pugta.

    • Turup köwşüni geýip daşaryk çykdy, dolanyp gapyny jebis ýapdy. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

    • Fizika ylmy başga ylymlar bilen jebis baglanyşyklydyr. («Mydam Taýýar» Gazýeti)

  2. Laýyk, mynasyp, barabar.

    • Pökgen aganyň raýona baranda edýän gürrüňleri bilen bu ýerde edýän gürrüňleri jebis gelmeýärdi. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

  3. Gabatma-gabat, pete-pet, göni, duş, deň.

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli sese başlanýan goşulma goşulanda, ikinji bogundaky dar i çekimlisi düşürilip ýazylýar.

Meselem jebis - jebsi.