jaslatmak işlik

  1. Awuly çakmak, sokmak (ýylan, içýan, ary hakda).

    • Ary elimden jasladyp goýberdi.

  2. Gepleşik dili Atyp goýbermek, atmak.

    • Tüpeňi jaslatmak.

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -ýar goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem jaslatmak - jasladýar, jasladar, jasladypdyr.