jar1

Sil suwunyň akýan ugry.

  • Amyderýanyň ýokarsy birnäçe jarlary özüne birikdirýär-de, Owganystanyň üstünden geçýär. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  • Eşelon Tejen jarynyň üstündäki demir köprüden ötdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

jar2

Bir zat barada edilen yglan, habar.

  • Jar sesi eşidildi.

jar bolmak

Hemmelere mälim bolmak, ähli ýere ýaýramak.

  • Aýdan sagadyň syryň oba jar boljagy görnüp durýar. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

jar çekmek

Bir zat hakynda halka habar bermek üçin gygyrmak, gygyryp habar bermek.

  • Eýýäm il içine jar çekip çykdym diýsene! (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

jar etmek

Paş etmek, hemmä mälim etmek, habar bermek.

  • Indoneziýa respublika diýlip jar edildi. («Sowet Türkmenistany» gazeti)

jar3

[ja:r]

Döwülmän galan baş gatyşykly däne, döwek düýbi.

  • Ylgaşyp gelen towuklara jar gatyşykly bugdaý sepip goýberdi. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)