[ja:ny:pkeşlik]
Janygyp işlemeklik, yhlaslylyk.
Janypkeşlik bilen ýapyşylan işiň zarpçylaryň ýanynda manysy bolmaýar. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)
Wepadarlyk, ýürekdeşlik, tüýs ýürekden berlenlik.
Özüniň janypkeşligini oňa subut etjek bolup çalyşýardy. (G. Kulyýew, Köpetdagyň aňyrsynda)
Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem janypkeşlik - janypkeşligi.