[ja:nykmak]
Bir zat etmeklige ýürek bilen çalyşmak, jan çekmek, yhlasly bolmak, gyzykmak.
Begenjiň janygyp edýän gürrüňine Aýsoltan ynamsyz ýylgyrdy. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)
A gyz, nämä gülýärsiň? Ynanaňokmy? Seret ahyry! -- diýip janykdy. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)
Eziz Buhara meselesi barasynda janykdy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -ýar goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem janykmak - janygýar, janygar, janygypdyr.