[ja:nsyz]
Jany bolmadyk, diri däl, öli.
Öz kapitanynyň jansyz göwresini süýräp, daşaryk çykardy. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)
Göçme manyda Çalasyn hereketde bolmazlyk, ruhdan düşen, hereketsiz.
Müsür jansyz ýurda öwrülýän ýalydy. (Gadymy dünýä taryhy)
Jansyz gözleri küle taşlanan mäz ýaly sämäp göründi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Göçme manyda Bir döwletiň harby we beýleki syrlaryny başga bir döwlete aňtap ýetirýän gizlin agent, içaly.
Bütin Türküstan, general Mallesonyň jansyzlary hem harby agentleri bilen doldy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Bu jansyz mende gadagan edilen kitabyň barlygyny nirden bildik-ä. (G. Kulyýew, Köpetdagyň aňyrsynda)