[ja:nserek]
Özüni ýitiren, näme etjegini bilmän aljyrap ýören, aljyraňňy, çaşgyn.
Adam bary janserekdi. (K. Gurbannepesow, Goşgular we poemalar)
Ol iki arada janserek bolup garaşdy. (B. Seýtäkow, Doganlar)
Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem janserek - janseregi.
Ýalňyş barada habar ber Söz hödürle
Sözlükde tapmadyk sözüňizi bize hödürläň we biz onuň düşündirişini tapmaga synanyşarys.