janlylyk jan‧ly‧lyk at

[ja:nlylyk]

  1. Ýaşaýşa ukyplylyk, jany barlyk, dirilik.

  2. Göçme manyda Gyzgalaňlyk, çalasynlyk, dogumlylyk, ruhlulyk.

    • Onuň gözleri geçen ýyldaky ýaly umytsyz garaman, janlylyk, tiz pähimlilik bilen ýalpyldaýardy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

    • Oňa siňe syn edip otursaň, hemme hereketinde üýtgeşik janlylyk duýulýardy. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem janlylyk - janlylygy.


Duş gelýän formalary
  • janlylygy