janly jan‧ly sypat

[ja:nly]

  1. Ýaşaýşa ukyby bar bolan, jany bar bolan, diri.

  2. Ownuk şahly mal, dowar.

    • Aýna bäşlän-üçlän janly edindi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

    • Janly alyp gel, dogrusyny aýtsam, dograma iýmälimiz bäri hem gaty köp wagt bolupdyr. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

  3. Göçme manyda Gyzgalaňly, çalasyn, dogumly, ruhlanan.


Duş gelýän formalary
  • janla
  • janlydy
  • janlydygy
  • janlydygyny
  • janlydyr
  • janlyja
  • janlylardan
  • janlylaryny
  • janlylaryň
  • janlylygy
  • janlylyk
  • janlym
  • janlymy
  • janlyny
  • janlynyň
  • janlyrak
  • janlysy
  • janlysyny
  • janlyň