[ja:nhowul]
Ölümiň öň ýanyndaky ýagdaý, pursat.
Baryň, eglenmäň! -- diýip, janhowul ýaly bolup gygyrdy. («Görogly» eposy)
Towşan näçe gaty ýaralansa hem, janhowluna gaçyp bilýärdi. (J. Akyýew, Mergeniň ogly)
Soňuna çekimli sese başlanýan goşulma goşulanda, ikinji bogundaky dar u çekimlisi düşürilip ýazylýar. Menlik ýöňkemaniň -um, -umyz, senlik ýöňkemäniň -uň, -uňyz goşulmalary goşulýar.
Meselem janhowul - janhowlum, janhowluň, janhowly.