[ja:nda:r]
Jany bar bolan, diri ýaşaýanlar, janly organizm (adam, haýwan, mör-möjek).
Maldarlar janly-jandarlar bilen iş salyşýar ahyryn. («Sowet edebiýaty» žurnaly)
Adam.
Öýde orta ýaşa ýakynlaşan bir aýaldan başga jandar ýokdy. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)
Haýwan, haýwanlar, haýwanat.
Towuklar bolsa wagtly-wagtynda keteklerine ýygnanmagy özge jandarlardan gowy bilýärler. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)
Bir ýerde bir jandaryň çyňsaýan sesi çykdy. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)