seret haýwan
Sygyr örän peýdaly janawardyr.
Jeren ymgyr çölde erkin gezýän janawarlaryň iň gözelidir. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
At janawar ep-esli ýol aşýança, şol gidişine gidipdir. («Sowet edebiýaty» žurnaly)
Dert çekýän, hor ýa-da ölen haýwana rehim inip aýdylýan söz.
Haý, janawar, haýp boldy, adam ýaly düşgür, häsiýetli haýwandy -- diýip taryplady. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)
Ol eýýäm oba barandyr, bu janawar bolsa har-haşal ota güýmenip galypdyr. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)