[ja:n]
Adamyň psihiki içki dünýäsi, onuň aňy, duýgy-düşünjesi we ş. m.
Aýdan sözi lezzet berdi janyma, Oka! -- diýdi, men okaýyn, atam jan! (A. Kekilow, Saýlanan eserler)
Adama, haýwanlara dirilik berýän ruh.
Söýgi, gadyr bildirilip aýdylýan söz.
Hawa, Illi jan, men Kislowodskide edil çaga pişigiň güni ýaly gün gördüm. (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)
Sany görkezilende «adam» sözüniň deregine ulanylýan söz, kişi.
Olar bäş jandy.
Ýürekden syzdyrylyp aýdylýan jogap sözi.
Jan, sesiňe döneýin!
Gazaply söweş alyp barmak, gyryp-gyrlyşmak.
Söýgüni jan alyp, jan berilýän günlerde duýup galdym. (A. Gowşudow, Eserler)
Aradan çykmak, ölmek, gurban bolmak.
Gyrat Göroglynyň baş ujunda çabalanyp jan berdi. («Görogly» eposy)
Iwan Petrowiç meniň elimde jan berdi. (A. S. Puşkin, Saýlanan eserler)
Bir zadyň ugrunda yhlas bilen zähmet çekmek, bir işi bitirmek üçin çalyşmak, dyrjaşmak.
Janyňy gynamazlyk, janyňa dözmezçilik etmek, gowy zähmet çekmezlik.
seret jan çekmek jan çekmek
Men onuň gözüne görünmezlige jan edýärdim.
Gaty yhlas etmek, üstünde janyňy bermek.
Bir zady etdirjek bolup jan paralamak.
Adam sany, maşgala agzalarynyň sany.
Gereginden köp işläp, jana kast etmek.
Birini öldürmek ýa-da şol maksat bilen janyna şikes ýetirmek.
Öler ýaly işlemeklik, ýadawlygy bilmän, zor işlemeklik.
seret janyňy gurban etmek janyňy gurban etmek
Gorkma namartlaryň köp diýp sanyndan, gara görse, bary geçer janyndan. (Magtymguly)
Ynjalmak, rahatlanmak.
Üýşüp ýatan telegrammalara gözi düşüp, jany aram tapdy. («Zähmet gahrymanlary»)
Ölmek.
Tüýs ýürekden, bar güýji bilen, jany we ýüregi bilen.
Ol jany-dili bilen gürrüň berdi.
Ýiti, güýçli, gaty täsir etmek.
Howsala salmak, gynandyrmak, ynjalyksyzlandyrmak.
Öldürmek.
Gaty käýindirmek, zeýrendirmek.
seret janyň ýanmak janyň ýanmak
Jany agyrmaýanyň ýanynda, başym agyrýar diýme. (nakyl)
Rahat, gowy, hezil.
Agyr degmek, otrisatel täsir etmek.
Watan ýa-da bir gowy görýän zadyň, adamyň ugrunda özüňi heläk etmek, gurban bolmak, ölmek.
Ol biziň üçin janyny gurban etdi. (B. Pürliýew, Ilkinji gün)