jambörük

[ja:mbö:rük]

  1. Dialektal söz Birneme çukurrak tikilen nagyşly tahýa, börük.

    • Wolostnoý şempa ak telpegini gapdalynda goýup, jambörügini maňlaýyna geýdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

    • Öýlänler Gözel tamynda ýekeje oturyp, jambörük tikýärdi. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

  2. Nagşyň bir görnüşi.

    • Näme üçin, bu tamlaryň her biriniň daşyna jambörük nagşy salmadyka? (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem jambörük - jambörügi.