jalaýlyk ja‧laý‧lyk

Jalaýyň gylyk-häsiýeti, jalaý bolmaklyk, jalataýlyk.

  • Ol elini sowuk suwa urman, jalaýlyk edip geçiripdir. (N. Saryhanow, Saýlanan eserler)

  • Amanyň jalaýlygy doly subut edilip, işden boşadyldy. («Tokmak» žurnaly)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem jalaýlyk - jalaýlygy.


Duş gelýän formalary
  • jalaýlygy