jahan ja‧han

seret dünýä 1

  • Jahanyň guraklygy seniň ýaly bozgaklaryň, haýasyzlaryň köpelmegi zerarly dälmi? (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

jahan urşy

Birnäçe uly döwletleriň gatnaşmagynda bolýan uruş.

jahan ýagtylmak

Daň atmak.

  • Jahan ýagtylandan soň hem, iki mergen we çopanlaryň biri gaçan möjekleriň yzyny yzarlap kowup gidipdirler. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)


Duş gelýän formalary
  • jahana
  • jahanam
  • jahanda
  • jahandaky
  • jahandan
  • jahandygyma
  • jahandygyňy
  • jahandyr
  • jahanlar
  • jahanlaryň
  • jahanly
  • jahanlyk
  • jahany
  • jahanym
  • jahanyna
  • jahanyň
  • jahanyňky
  • jahança