[ja:dygö:ýlik]
Jadygöýiň käri, gözbagçylyk, jadylyk.
Jadygöýlik edip ili aldamak. Ol jadygöýlik bilen meşgul bolupdyr.
Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem jadygöýlik - jadygöýligi.