jaýtartmak işlik

Towlap ýokary galdyrmak, gaňtaryp duruzmak, gaýşartmak.

  • Guýrugyny jaýtardyp, ýüzin salyp ötägitdi. («Görogly» eposy)

  • Içýan guýrugyny jaýtardyp durdy.

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -ýar goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem jaýtartmak - jaýtardýar, jaýtardar, jaýtardypdyr.