jaýlamak işlik

[ja:ýlamak]

  1. Ýerli-ýerinde, jaýba-jaý goýmak, tygşytlyja goýmak, ýerleşdirmek.

    • Aýrylan agaçlary tama salyp, jaýlap goýduk.

  2. Aradan çykan adamyny ýerlemek, depin etmek.

    • Ony jaýlanymyz ýaňy dälmidi? (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

    • Ol hem atasyny şu ýerde jaýlady. (B. Seýtäkow, Doganlar)