jaýlaşmak işlik

[ja:ýlaşmak]

  1. Ýerbe-ýer, jaýba-jaý goýuşmak.

    • Odun jaýlaşmak.

  2. Ýer almak, orun almak, jaýly oturmak, ýerleşmek.

    • Myrat hem öz ornunda jaýlaşdy. (A. Gowşudow, Powestler We Hekaýalar)

    • Emma ol bir seretdi-de, ýene hiç bir zat diýmän, diňe öz oturyşyny düzedip jaýlaşdy. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

  3. Aradan çykany jaýlamaga kömekleşmek, depin edişmek.