jaýdar

[ja:ýda:r]

  1. Oňat, gowy, ýerlikli.

    • Hoşgeldi bu agşam hemişeki adaty boýunça jaýdar agşam naharyndan soň, özüniň radiopriýomniginiň gulaklaryny towlady we radio diňlemäge başlady. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

    • Jaýymyzdan jaýdar jaýy aňmadym, Jaýlaryň jaýyna jaýlaşan wagtym. (N. Pomma, Saýlanan eserler)

  2. Jaýly, berk, pugta, göni.

    • Ol oturgyjyň jaýdar goýlandygyny barlady. (A. Gowşudow, Powestler We Hekaýalar)

    • Ok, jaýdar degmändir. («Mydam Taýýar» Gazýeti)