jaý1 at

[ja:ý]

  1. Ýaşamak, işlemek we ş. m. üçin gurlan bina, öý, ymarat.

    • Jaýyň äpişgesiniň deregine deşiklerden ýel köwsary urup, dükanyň içinde tüweleý turuzýardy. (A. Gowşudow, Powestler We Hekaýalar)

    • Ine, bu uly jaý hem okalga boljak. (B. Pürliýew, Ilkinji gün)

  2. Ony-muny goýmak ýa-da mal-gara salmak üçin gurlan desga.

    • Odun goýmak üçin jaý.

  3. Göçme manyda Orun, ýer.

    • Ol tamasy çykmadyk Bibisoltanyň göwnünde başga zatlar jaý tutdy. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

jaý2 sypat

  1. Ýerlikli, oňat, oňaýly.

    • Maşgala terbiýesinde akyla jaý ulanylýan götergilemek we temmi bermek çäreleriniň uly ähmiýeti bardyr. (I. T. Ogorodnikow, P. N. Şimbirýow, Pedagogika)

    • Jaý gep, rast aýdýaň! (G. Gurbansähedow, Suraý)

  2. Göni, dogry, ykjam.

    • Ok jaý degeni üçin, möjek bada-bat ölüpdir. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

göwne jaý bolmak

seret göwün

  • Üzüm agaçlarynyň düýbüni bejerişleri Hoşgeldiniň göwnüne jaý boldy. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

jaýyna düşürmek

Çemine düşürmek, ýerine salmak, jüpüne getirmek.