itekleşdirmek işlik

Töweregiňdäki zatlary, öňüňe gabat gelen zatlary itmek, itişdirmek.

  • Halnazar töweregini itlere aldyran ýekegapan ýaly bolup, her haýsyny bir ýana itekleşdirip dyzady. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  • Gazabyna bäs gelmän sandyraýan soldatyň biri gabadyndakylary iki baka itekleşdirip platforma towsup çykanyny-da duýman, elin papagynyň etegine galdyrdy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)


Duş gelýän formalary
  • itekleşdirdi
  • itekleşdirip