it

  1. Zoologiýa Ýyrtyjy süýtemdirijileriň aýratyn maşgalasyndan bolan öý haýwany.

    • Emma ol üýtgeşik gara Myrat aganyň gözi düşmezden ozal, itleriň gözi düşdi. (H. Derýaýew, Ykbal)

    • Hernä wagtynda ýetişmäýdiň, ýogsa ol it meni gemräýjek eken. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)

    • It üýrer, kerwen geçer. (nakyl)

    • Ityň boýnuna göwher daksaň it hem aglar, göwher hem. (nakyl)

    • It ýüwrügiň tilki söýmez, gamly kişi gülki söýmez. (nakyl)

    • It gedaýdan gorkar, gedaý hem itden. (nakyl)

    • It gara görmese üýrmez. (nakyl)

    • It ýassanan ynjalmaz. (nakyl)

  2. Göçme manyda Nejis, haýyn.

    • Siz, adamçylygyny ýitiren, ýyrtyjylyk üçin ýallanýan bir topar aňmaz itler! (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

günüňe it aglamak

Çydamsyz agyr durmuşda ýaşamak, jebir-jepada bolmak, sütem görmek.

  • Giň älemim daralar, alar dünýäni ümez. Itler aglar günüm, gözüm ýaşy kepemez. (B. Kerbabaýew, Eserler toplumy)

itden çykarmak

Öldürmek.

  • Ony öten gije itden çykaran bolaýmasynlar. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

yzyna it salmak

seret yz

  • Sögüp ýüzüni alýarlar, yzyna-da it salýarlar. («Sowet edebiýaty» žurnaly)